- giýew
- Durmuşa çykan gyzyň adamsyna gyzyň ene-atasy, hossarlary tarapyndan garyndaşlyk taýdan berilýän at, köreken.∙ Gyzyň, giýew boljak ýigidiň öýüne barmagy, heý görlüp-eşidilen zatmydyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Onuň öňüni kesip, nobura özüni taşlan ýigit giýew ekeni. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Meni giýew edinjekmi? («Görogly» eposy)∙ Gadyr gaýyn bilen giýewde. (Nakyl)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.